Rakkada we Gündogar Gutada 800 müň adam üçin alada bildirilýär

BMG Siriýada Rakkada we Gündogar Gutada 800 müň adam üçin alada bildirýändiklerini mälim etdi

703209
Rakkada we Gündogar Gutada 800 müň adam üçin alada bildirilýär

BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşi Siriýadaky soňky wakalary ara alyp maslahatlaşdy.

Maslahatda söz sözlän BMG-nyň Baş sekretarynyň Ynsanperwer kömeklerden jogapkär kömekçisi Stephen Obrien “Siriýa krizisi 7-nji ýylyna girdi we biz adam eli bilen edilýän iň uly adamzat pajygasyna şaýatlyk edýäris” diýdi.

Siriýada ähli taraplaryň harby jenaýat edýändigini aýdan Obrien çaknyşyklaryň we harby operasiýalaryň dowam edýän ýerlerinde asuda ilatyň howpsyzlygynyň goralmagy çagyryşyny berdi.

Rakkada howa hüjümleri we çaknyşyklar sebäpli asuda ilatdan ýogalanlaryň we ýaralananlaryň bardygy hakynda maglumatyň gelip gowşandygyny aýdan Obrien “Rakkada dowam edýän harby operasiýalar sebäpli 400 müňden gowrak adamyň howpsyzlygyna alada bildirýärin” diýdi.

 Obriren “Siriýada gabaw astyndaky şäherlerde ýagdaý gün saýyn agyrlaşýar. Gündogar Gutada hem 400 müň adam üçin aladalanýaryn” diýip belledi.

 

 

 

 



Degişli Habarlar