Putin :ABŞ-da geçirilen prezident saýlawlarynyň netijesine goşulmadyk”

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin ýurdunyň 8-nji noýabrda ABŞ-da geçirilen prezident saýlawynyn netijelerine goşulmandygyny beýan etdi

703247
Putin :ABŞ-da geçirilen prezident saýlawlarynyň netijesine goşulmadyk”

Putin Arktika forumynda beren beýannamasynda Russiýanyň ABŞ-daky ilçisi Sergeý Kislýakyň içalylyk maksatly “gizlin duşuşyklary” barada çykan habarlary samsyklyk hökmünde häsýetlendirdi we “Onuň her bir duşuşygy gizlin aksiýa hökmünde atlandyrylýar. Ol hakykatdan hem samsyklyk dälmi? Ak Tamyň syýasy topary, işewür adamlary we döwlet adamlary bilen duşuşmak bütin dünýäde kabul edilýän diplomatik hereketdir” diýdi.

Wladimir Putin Russiýanyň ABŞ-na güýçli ýurt hökmünde garaýandygyny we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny açmak isleýändigini, başga myş-myşlaryň bolsa Russiýa garşy meçew beriji we toslamadygyny beýan etdi.

Putin: “Russiýa garşy ýerliksiz myş-myşlar ABŞ-nyn içerki syýasy güýçleri tarapyndan öz bähbitleri üçin peýdalanylýar” diýdi.

Geçirilen barlaglaryň netijelerine görä ABŞ-da köp sanly “Russiýa dostunyň” bardygyny beýan eden Putin: “İru-giç, men tama edýärin Russiýa bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklar kadalaşar” diýdi.

Putin Russiýa bilen ABŞ-nyn diplomatik gatnaşyklarynyň bozulmagy ugrunda edilýän tagallalaryň Amerikan halkynyň esasy böleginiň garşydydygyny hem nygtady.



Degişli Habarlar