Wenger hökümeti ÝB-ne garşy kampaniýa başladar
ÝB-niň agza ýurtlaryň işlerine goşulyşýandygyny öňe süren Wengriýanyň hökümeti “Brýussele dur diýmeli” şygary bilen milli jebislik kampaniýasyny başladar
Hökümetiň resmi “Facebook” sahypasyndan berilen “Brýussele dur diýeliň” atly habarnamada kampaniýanyň şu hepde hepde başladyljakdygy habar berildi.
Brýusseliň agza ýurtlaryň işlerine goşulyşýandygy we şeýlelikde milli döwletleriň özygtyýarlylygyna howp salýandygy barada aýdylýan beýannamada: “Esasy ýüzlenme “Brýussele dur diýeliň” bolar. Milli jebislik kampaniýasynyň çäginde raýatlara 6 sorag soralyp, olaryň pikirleri öwreniler. Sowalnamalary 20-nji maýa çenli yzyna ugradyp bilersiňiz. Siziň pikiriňiz biziň üçin möhüm” diýilýär.
Wengriýanyň Premýer ministri Wiktor Urbanyň başda durmagynda hökümetiň agzalary köp sanly platformada Brýusselde işleýän brýurokratlaryn agza ýurtlaryň ygtyýarlaryna degişli ugurlara goşulyşyp, milli döwletleriň özygtyýarlyklaryna howp salýandygy öňe sürülýär.