Russiýa: “ABŞ-nyň Gara deňizdäki harby gämilerini potensial howp hökmünde kabul edýäris”

Russiýa ABŞ-nyň Gara deňizdäki harby gämilerini potensial howp hökmünde kabul edýändiklerini habar berdi

700862
Russiýa: “ABŞ-nyň Gara deňizdäki harby gämilerini potensial howp hökmünde kabul edýäris”

Russiýanyň Goranmak ministrligi ilkinji gezek bular ýaly anyk ýagdaýda Amerikanyň harby flotynyň Gara deňize girip-çykmaklaryny bir howp hökmünde görýändiklerini mälim etdiler.

Russiýanyň Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda Gara deňizde bar bolan Amerikan harby gämileriniň nähili raketa daşaýandyklary barada maglumatlarynyň ýokdygy habar berildi.

ABŞ-nyň we Fransiýanyň harby gämileri geçen hepde Rumyniýanyň floty bilen umumy harby türgenleşik geçirdiler.

Türkiýäniň harby floty hem 2-nji aprelden başlap Gara deňizde Deňiz ýyldyzy-2017 türgenleşigini geçirmek üçin taýarlyk görýär.



Degişli Habarlar