Türkiýäniň Prezidentiniň Russiýa saparynda ençeme şertnama gol çekiler

Türkiýäniň Prezidenti Erdoganyň Russiýanyň paýtagty Moskwa şu gün gurajak saparynda ençeme şertnama gol çekilmegine garaşylýar

688142
Türkiýäniň Prezidentiniň Russiýa saparynda ençeme şertnama gol çekiler

Russiýanyň Energetika ministri Aleksandr Nowak Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşjak Türkiýe-Russiýa ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahatyndan ozal Anadoly habarlar gullugyna beýanat berdi.

Ministr Nowak maslahat üçin ençeme möhüm şertnamanyň taýarlanandygyna ünsleri çekip, olaryň diňe ykdysady we söwda ugurlary bilen çäklenmän, eýsem tehniki we medeni hyzmatdaşlygy hem öz düzümlerinde jemleýändigini mälim etdi.

Maslahatda iki ýurduň arasynda 2017-2020-nji ýyllar aralygyny öz içine aljak orta möhletleýin söwda, ykdysady, ylmy we medeni ugurlarynda hyzmatdaşlyk şertnamalarynyň gol çekiljekdigini habar beren Nowak: “Maslahatda gol çekiljek ýenede bir tankydy şertnama bolsa Russiýanyň Maýa goýum gaznasy bilen Türkiýäniň Milli gaznasy we Maýa goýum gaznasynyň arasynda umumy gaznanyň döredilmegi bilen baglanşykly protokol bolar” diýdi.

Nowak mundan başgada Türkiýäniň we Russiýanyň Medeniýet  we syýahatçylyk ministrlikleriniň arasynda gol çekiljek şertnama bilen 2019-njy ýylyň iki ýurduň arasynda iki taraplaýyn medeni we syýahatçylyk ýyly yglan ediljekdigini belläp: “Maslahatyň çäginde başgada ençeme şertnama gol çekiler. Mysal üçin ykdysady edaralarymyzyň arasynda ekerançylykda we senagatda iki taraplaýyn söwdada bolup biljek päsgelçilikleiň ortadan aýrylmagy bilen bagly işler” diýip nygtady.



Degişli Habarlar