ABŞ-nyň Rakka esger ugratjakdygy öňe sürülýär

Amerikaly esgerler DAIŞ-e garşy göreşiň çäginde dikuçarlar bilen operasiýa goldaw berer

687938
ABŞ-nyň Rakka esger ugratjakdygy öňe sürülýär

ABŞ-nyň  terror guramasy DAIŞ-e garşy operasiýanyň çäginde Siriýanyň Rakka şäherine harby topar ugratjakdygy öňe sürülýär.

Amerikaly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň Merkezi Güýçler serkerdeliginiň ýolbaşçylaryna esaslanýan habarynda 300 esgeriň Rakkanyň 25-30 kilometr demirgazygyna ornaşdyryljakdygy nygtalýar.

Amerikaly esgerler DAIŞ-e garşy göreşiň çäginde dikuçarlar bilen operasiýa goldaw berer.

Amerikan esgerleriniň sowutly ulaglar bilen Munbije barmagyndan soň Rakka esger ugradylmagy hakynda kararyň kabul edilmegi ünsleri özüne çekýär.

 


Etiketkalar: #esger , #amerikan , #DAIŞ , #Rakka

Degişli Habarlar