Ýemende holera sebäpli 103 adam ýogaldy

Ýemende holera epidemiýasy sebäpli 103 adam ýogaldy

684172
Ýemende holera  sebäpli 103 adam ýogaldy

Bütin dünýä Saglygy goraýyş guramasynyň maglumatyna görä, içerki uruş sebäpli onsuz hem agyr günleri başdan geçirýän Ýemende 22 şäheriň 15-de holera gabat gelindi.

Häzire çenli 21 müň 790 adam holera sebäpli gözegçilik astyna alyndy.

Gurama epidemiýa garşy göreş üçin Ýemene 8 tonnalyk medisina kömegini ugratdy.

BMG-nyň Çaglara ýardam düzümi UNİCEF bolsa Nigeriýada, Somalide, Günorta Sudanda we Ýemende 1,5 million çaga holera sebäpli ölüm howpynyň abanýandygy hakynda duýduryş beripdi.

 



Degişli Habarlar