Daniýada geçirilen protest ýörişinde çaknyşyk boldy
Daniýanyň paýtagty Kopengagende Ýaşlar öýüniň ýumrulmagynyň 10-njy ýyly sebäpli guralan protest ýörişinde demonsatrantlar bilen polisiýa işgärleriniň arasynda çaknyşyk boldy
682947

Protest ýörişinde awtonom diýip atlandyrylýan çepçi ýaşlar bilen polisiýa gullugynyň işgärleriniň arasynda çaknyşyk boldy.
“Öýüň ýumrulmagyny ýatdan çykarmadyk” ýazgyly şygarlary göterýän takmynan 10 müň adam ýörişe geçdi.
Ýörişde demonstrantlaryň käbirleri banklaryň bankomatlaryna we aýnalaryna daş zyňdylar.
Hüjümde 3 banka we birnäçe dükana zeper ýetdi.
Daniýanyň mediasy wakada 8-10 adamyň göz tussaglygyna alynandygyny mälim etdi.
Degişli Habarlar

Niger döwletinde terrorçylykly hüjüm guraldy
Nigerde terror guramasy Boko Haram tarapyndan guralan terrorçylykly hüjümde 4 esger ýogaldy

Owganystanda Etrap Häkimi Ýaragly Hüjümde Ýogaldy
Waşir etrabynyň häkimi Muhammed Zahir Hakýar ýaragly hüjüme sezewar boldy.