Hytaýdan Türkiýäniň Prezidenti Erdogana çagyryş

Si Szinpin Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogana hem maslahata gatnaşmagy üçin çakylyk iberdi

681414
Hytaýdan Türkiýäniň Prezidenti Erdogana çagyryş

Hytaý Halk Respublikasynyň başlygy Si Szinpin Döwrebap Ýüpek ýoly taslamasynyň durmuşa geçirilmegi üçin 14-15-nji maý aralygynda ýurduň paýtagty Pekinde 65 ýurduň liderleriniň gatnaşmagynda ýokary derejeli maslahat geçirmegi meýilleşdirýär.

Si Szinpin Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogana hem maslahata gatnaşmagy üçin çakylyk iberdi.

Hytaýyň lideri Si Szinpin çakylygyny taryhy Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän wajyp ýerleriniň biri bolan Türkiýä “Bir nesil, bir ýol” taslamasynyň çäginde iberdi.

Türkiýe soňky döwürde Hytaý bilen ýakyn hyzmatdaşlyk syýasatyny alyp barýar.

Hytaý bilen raketa goranyş ulgamy boýunça gepleşikler geçirýän Türkiýäniň Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna agzalygy hem gün tertibe getirilipdi.


Etiketkalar: #Si Szinpin , #Hytaý , #Erdogan , #Pekin

Degişli Habarlar