Eýran täze roketa synagyny geçirdi

Eýran ýurduň günortasynda geçirilýän harby türgenleşigiň çäginde täze roketa synagyny geçirendigini mälim etdi

680878
Eýran täze roketa synagyny geçirdi

Goranmak ministri Hüseýin Dehkan Deňiz güýçleri tarapyndan ýurduň günortasynda geçirilýän “Welaýet 95” atly türgenleşigiň çaginde täze deňiz roketasyny üstünlikli synagdan geçirendiklerini aýtdy.

Hüseýin Dehkan ýerli mümkinçilikler bilen öndürlen Nesir atly roketanyň menzili we beýleki aýratynlyklary hakynda maglumat bermedi.

Ýekşenbe güni başlan türgenleşik çarşenbe gününe çenli dowam eder.

ABŞ Eýranyň soňky döwürde geçirýän roketa synaglaryna garşy.

Resmi Waşington Eýranyň balistiki roketa synagyny geçirmeginden soň 3-nji fewralda eýranly käbir şahyslara we firmala embargo goýulmagy hakynda karar kabul edipdi.

Eýran hem  ABŞ-nyň embargo kararyndan soň terror goldaw berýän Amerikaly käbir firmalara we şahyslara embargo goýuljakdygyny mälim edipdi.

 


Etiketkalar: #Eýran , #raketa , #ballistik , #synag

Degişli Habarlar