Owganystanda Talibanlylaryň sebitden jogapkär ýolbaşçysy öldürildi

Owganystanyň demirgazygyndaky Kunduz welaýatynda guralan howa hüjümlerinde terror guramasy Talibanyň sebitden jogapkär ýolbaşçysy öldürildi

680789
Owganystanda Talibanlylaryň sebitden jogapkär ýolbaşçysy öldürildi

Kunduzdaky serkerdelerden Şir Aziz Kamawal NATO güýçlerine degişli uçarmansyz howa ulagynyň Kunduz welaýatynyň Daşti Arçi etrabyna degişli Nahri Kohna diýilen ýerde Talibanlylara degişli bazany bombalandygyny mälim etdi.

Howa hüjüminde guramanyň Kunduz welaýatyndan jogapkär ýolbaşçysy Mewlewi Abdul Salamyň ölendigini aýdan Kamawal Salamyň jigisi bilen bilelikde 8 terrorçynyň hem ölendigini habar berdi.

Kamawal mundan başgada Kunduz welaýatynyň Buz Kandahari sebitinde geçirilen operasiýada 7 terrorçynyň öldürilendigini belledi.

Taliban bolsa mesele bilen baglanşykly entek beýanat bermedi.



Degişli Habarlar