Terror guramasy DAIŞ-iň Al Babda guran hüjüminde 47 adam ýogaldy

Siriýanyň Al Bab şäheriniň demirgazygynda terror guramasy DAIŞ-iň guran kamikaze hüjüminde aglabasy asuda ilatdan bolan 47 adam ýogaldy

679369
Terror guramasy DAIŞ-iň Al Babda guran hüjüminde 47 adam ýogaldy

Terrorçylaryň Susýan obasyndaky Azat Siriýa goşunynyň ştabyny nyşana alyp guran hüjüminde şeýle hem 60-dan gowrak adam ýaralandy.

Ştaba girip bilmedik terrorçylar bombaly ulagy asuda ilatyň arasynda partlatdy.

Siriýanyň Adam hukuklary guramasyna salgylanyp habar beren AFP habarlar gullugy bolsa ýogalanlaryň aglabasynyň siriýaly oppozisionerlerdigini habar berdi.

Ýaralananlar tiz kömek ulaglary bilen Gaziantepdäki we Kilisdäki hassahanalara alynyp gidildi, wakanyň bolan ýerinde bolsa berk howpsyzlyk çäreleri görüldi.

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan goldaw berilýän Azat Siriýa goşuny Al Bab etrabynyň merkezini düýn gözegçilik astyna alypdy, terrorçylaryň goýan minalaryny we bombalaryny saplamaga başlapdy.



Degişli Habarlar