Türkiýäniň Şwesiýadaky ilçihanasyna boýag bilen hüjüm guraldy

Türkiýäniň Şwesiýanyň paýtagty Stokgolm şäherindäki ilçihanasyna boýag bilen hüjüm guraldy

673107
Türkiýäniň Şwesiýadaky ilçihanasyna boýag bilen hüjüm guraldy

Ilçihana tarapyndan berilen beýanatda şu gün irden guralan hüjümde binanyň diwarlaryna we howlusyna içinde ak boýag bolan köp sanda çüýşäniň zyňylandygy habar berilýär.

Beýanatda kameralaryň gözden geçirilendigini we hüjümi ýüzleri maskaly bolan 2 adamyň gurandygyny anyklandyklary mälim edilýär.

Beýanatda Şwesiýanyň polisiýa gullugynyň hem waka bilen bagly derňew işini geçirmäge başlandygy bellendi.

Üç aý ozal hem aýralykçy terror guramasy PKK-a agza 8 adam Şwesiýadaky türk ilçihana çüýşeler we daşlar bilen hüjüm gurapdy.



Degişli Habarlar