Eýranda 10 adam asylyp öldürildi

Eýranda neşe söwdasy bilen baglanşykly aýyplamalardan günäkärlenip ölüm jezasy berilen 10 adam asylyp öldürildi

671962
Eýranda 10 adam asylyp öldürildi

Eýranyň Adam hukuklary aktiwistleri agentligi neşe maddalary bilen bagly aýyplamalar sebäpli ölüm jezasy berilen 7 adamyň Kum şäherindäki Lengerud tussaghanasynda asylyp öldürilendigini mälim etdi.

Habarda beýleki 3 adamyň bolsa Pakistan serhedindäki Sistan we Buljystan welaýatlaryna degişli Zabul tussaghanasynda asylyp öldürilendigi habar berildi.

Halkara Günä geçişlik guramasynyň berýän hasabatyna görä iň köp ölüm jezasy berilýän ýurtlaryň biri bolan Eýranda 2015-nji ýylda aglabasy neşe bilen baglanşykly bolan 977 adam öldürildi.



Degişli Habarlar