Lawrow Siriýa gepleşiklerine ABŞ-ny hem çagyrandyklaryny aýtdy

Rus NTW kanalyna beýanat beren Lawrow; “ABŞ-ny Siriýa gepleşiklerine çagyrdyk” diýdi

671200
Lawrow Siriýa gepleşiklerine ABŞ-ny hem çagyrandyklaryny aýtdy

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow fewral aýynyn 15-16-y aralygynda Gazagystanyň paýtagty Astanada geçiriljek Siriýa gepleşiklerine ABŞ-ny hem çagyrandyklaryny aýtdy.

Rus NTW kanalyna beýanat beren Lawrow; “ABŞ-ny Siriýa gepleşiklerine çagyrdyk” diýdi.

Eýranyň Siriýa parahatçylyk etabynda uly rol oýnaýandygyny aýdan Lawrow, Eýranyň DAİŞ-e garşy göreşde hyzmatdaşlykdan çykarylmagynyň dogry däldigini belledi.

Lawrow, “Waşington bilen Eýranyň arasyndaki gatnaşyklar dartgynly. Emma Moskwa parasatly çemeleşilmegine goldaw berýär” diýdi.

ABŞ-nyň Goranmak ministri Mattis ozal beren beýanatynda Eýrany “terroryň hemaýatkäri” hökmünde häsiýetlendiripdi.

 



Degişli Habarlar