Medeniýet we syýahatçylyk ministr Nabi Awjy Ysraýylda saparda bolýar

TLV kongres merkezinde geçirilen duşuşyk takmynan 30 minut dowam etdi

666914
Medeniýet we syýahatçylyk ministr Nabi Awjy Ysraýylda saparda bolýar

Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministr Nabi Awjy Türkiýe-Ysraýyl gatnaşyklarynyň kadalaşma etabynyň çäginde guran saparynda ýurduň Syýahatçylyk ministri Ýariw Lewin bilen duşuşdy.

TLV kongres merkezinde geçirilen duşuşyk takmynan 30 minut dowam etdi.

Awjy 2010-njy ýylda Mawi Marmara gämisine guralan hüjümden soň Türkiýeden Ysraýyla ministr derejesinde sapar guran ilkinji adam boldy.

Ysraýylyň Howpsyzlyk güýçleriniň 2010-njy ýylyň 31-nji maýynda Gaza ynsanperwer kömek alyp barýan Mawi Marmara gämisine hüjüm guramaklary netijesinde Türkiýäniň 10 raýaty ýogalypdy. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar bu hadysadan soň dartgynlaşypdy.

Gatnaşyklar Ysraýylyň ötünç soramagy, ýogalanlaryň maşgalalaryna kompensasiýa tölemegi we Gaza ynsanperwer kömekleriň iberilmegine rugsat bermegi bilen kadalaşma etabyna girdi.



Degişli Habarlar