Latwiýa Russiýa serhedine diwar örmäge başlady

Latwiýa bosgunlaryň Russiýanyň üsti bilen ýurda girmeginiň öňüni almak maksady bilen serhedine 276 kilometr uzynlykda diwar örmäge başlady

666169
Latwiýa Russiýa serhedine diwar örmäge başlady

Latwiýanyň metbugatyna görä Russiýa serhedine diwar örmek işleriniň 23 kilometrlik bölümi tamamlandy.

Şu ýyl serhediň 60 kilometr bölümine germew çekiljekdigi we taslama üçin hökümediň 6,4 million ýewro çeşme aýyrandygy habar berildi.

Latwiýanyň Gümrük gullugynyň metbugat geňeşçisi Ýewgeniýa Poznýak Russiýa serhedinde tebigy päsgelçilikleriň bolmaýan 193 kilometrlik bölüme 3 metr beýikliginde diwar örmegiň meýilleşdirilýändigini we taslamanyň dolulygyna 2019-njy ýylda tamamlanjakdygyny belledi.

Russiýa serhedinde beýleki bölekleriň bolsa tebigy böwetler bilen goraljakdygy mälim edildi.

Estoniýa hem Russiýa bilen bolan 100 km serhedine diwar örjekdigini habar beripdi.

2,5 metr beýikligindäki diwaryň gurluşygy öňümizdäki ýyl başlanar.



Degişli Habarlar