Türkiýe, Russiýa we Eýran ýaňadandan Astanada duşuşýar

Siriýada çaknyşýan taraplar bolsa bu gepleşige gatnaşmaýar

665799
Türkiýe, Russiýa we Eýran  ýaňadandan Astanada duşuşýar

Türkiýe, Russiýa we Eýran Siriýadaky parahatçylyk etabyny ara alyp maslahatlaşmak üçin ýaňadandan Gazagystanyň paýtagty Astanada duşuşýar.

Astanadaky gepleşige BMG-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Steffan de Misturanyň hem gatnaşmagyna garaşylýar.

Siriýada çaknyşýan taraplar bolsa bu gepleşige gatnaşmaýar.

Gepleşikde üç taraply mehanizmisiň çäginde Siriýada ylalaşygyň güýçlendirilmegi meselesi ara alnyp maslahatlaşylar.

Gepleşige İordanyň wekilleriniň hem gatnaşmagyna garaşylýar.

Astanada geçen aý geçirlen Siriýa temaly ilkinji maslahatda Siriýadaky ylalaşygyň güýçlendirilmegi meselesinde Türkiýe bilen Russiýa hemaýatkär ýurt bolmagy kabul edipdi.



Degişli Habarlar