48 million çaga üçin 3,3 milliard dollarlyk ýardam çagyryşy berildi

Habarnamada dünýäde 7,5 million çaganyň şu ýyl azyk ýetmezçiligini başdan geçirip biljekdigi sebäpli ýardamlaryň bir bölegi azyk önümleri üçin sarp ediler

662688
48 million çaga üçin 3,3 milliard dollarlyk ýardam çagyryşy berildi

BMG-nyň Çagalara ýardam düzümi UNICEF Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň başda durmagynda şu ýyl 48 ýurtda 48 million çaga üçin 3,3 milliard dollarlyk ýardam çagyryşyny berdi.

UNICEF-iň 2017-nji ýylda çagalara ýardam habarnamasynda 3,3 milliard dollarlyk ýardamyň 2 milliard dollarynyň Ýakyn Gündogarly çagalar üçin sarp ediljekdigi nygtaldy.

Habarnamada Türkiýedäki, Liwandaky, Iordaniýadaky, Müsürdäki we Yrakdaky 2,2 million siriýaly çaga üçin 1 milliard dollar we Siriýadaky çagalar üçin hem 350 million dollarlyk ýardam çagyryşy berildi.

UNICEF-iň dünýä çagalary üçin berýän ýardamynyň 1,5 milliard dollary Siriýada we goňşy ýurtlardaky Siriýaly, 161 million dollary Yrakly, 236 million dollarly Ýemenli we 24 million dollary hem Palestinaly çagalar üçin talap edilýär.

Habarnamada dünýäde 7,5 million çaganyň şu ýyl azyk ýetmezçiligini başdan geçirip biljekdigi sebäpli ýardamlaryň bir bölegi azyk önümleri üçin sarp ediler.

 



Degişli Habarlar