ABŞ-nyň Merkezi Razwedka gullugynyň başlygynyň orunbasary belli boldy

ABŞ-nyň Merkezi Razwedka gullugynyň başlygynyň orunbasary wezipesine jedelleşikli biri bellendi

664565
ABŞ-nyň Merkezi Razwedka gullugynyň başlygynyň orunbasary belli boldy

Merkezi Razwedka gullugynyň Taýlantda ýerleşýän tussaghananyň başlygy Gina Haspel gullugyň başlygy Mike Pompeonyň orunbasary wezipesine bellendi.

Merkezi Razwedka gullugynyň başlygy Pompeo Haspeliň wezipä bellenmegi bilen baglanşykly beren ýazmaça beýanatynda Haspeli nusga alynjak razwedka gullukçysy hökümnde häsýetlendirdi.

Senatdaky demokratlar bolsa Haspeliň şol wezipä bellenmegine nägilelik bildirdiler.

ABŞ-nyň Merkezi Razwedka gullugynyň başlygynyň orunbasarlygyna bellenjek adam senat tarapyndan tassyklanmaýar.

Prezident Donald Tramp tarapyndan wezipä bellenen Haspel Gara deşik diýip atlandyrylýan Taýlantdaky tussaghanada suwda gark bolýan ýaly täsir döredýän "waterboarding" gynama usulyny ýygy-ýygydan ulanýandygy bilinýär.



Degişli Habarlar