Ukrainanyň gündogarynda ýagdaý ýaňadandan dartgynlaşýar

Ukraina çaknyşyklaryň bes edilmegi hakyndaky ylalaşygyň ýaňandandan güýje girmegi üçin Ýewropada Howpsyzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasyna ýüz tutdy

663158
Ukrainanyň gündogarynda ýagdaý ýaňadandan dartgynlaşýar

Rus separatistler bilen Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň agyr ýaraglar ulanmagy sebäpli çaknyşyklarda ýogalanlaryň sany köpelýär.

Ukrainanyň ýaragly güýçlerinden soňky 72 sagatda 8 esger ýogaldy. Çaknyşyklarda ýogalanlaryň jemi  sany 13 adama ýetdi.

Donetskiň Awdeewka şäheriniň ýyladyş ulgamy bombaly hüjümler sebäpli hatardan çykdy.

Halk -20 graduslyk sowukda gündelik durmuşyny dowam etdirmäge çalyşýar.

Çaknyşyklaryň güýçlenmegi sebäpli Ukrainanyň Prezidenti Ptero Poroşenko Germaniýa guran saparyny tamamlaman ýurduna dolandy.

Ukraina çaknyşyklaryň bes edilmegi hakyndaky ylalaşygyň ýaňandandan güýje girmegi üçin Ýewropada Howpsyzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasyna ýüz tutdy.

 



Degişli Habarlar