15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygyndan FETÖ-niň jogapkärdigine ynanýaryn

Duncan “Türkiýaniň başdan geçiren wakalaryna dogry düşinmelidiris. Esasan hem ÝB-ne agza ýurtlaryň Türkiýäniň başdan geçiren we başdan geçirýän wakalaryna dogry düşünmeli” diýdi

15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygyndan FETÖ-niň jogapkärdigine ynanýaryn

Birtaniýanyň Daşary işler ministrliginiň Ýewropadan we ABŞ-dan jogapkär Döwlet ministri Alan Dunkan 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygyndan Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň jogapkärdigine ynanýandygyny aýtdy.

15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygyndan soň Günbatardan Türkiýä ministr derejesinde ilkinji sapary guran Dunkan, İňlis parlamentiniň Daşary gatnaşyklar komissiýasynda Britaniýa bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklar hakynda komissiýanyň agzalarynyň soraglaryna jogap berdi.

Britaniýanyň Türkiýede 15-nji iýulda başdan geçirlen wakalara doly göz ýetirmäge çalşandygyny ýatladan Dunkan, Türkiýäniň taryhyň dowamynda agdarlyşyk howplaryny başdan geçirendigini we 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygyndan soň synanşyk bilen arabaglanşykly ähli meseleleri heniz doly çözüp bilmändiginii mundan başgada Türkiýäniň PKK we DAİŞ howpyny başdan geçirýändigini nygtady.

Dunkan “Türkiýaniň başdan geçiren wakalaryna dogry düşinmelidiris. Esasan hem ÝB-ne agza ýurtlaryň Türkiýäniň başdan geçiren we başdan geçirýän wakalaryna dogry düşünmeli” diýdi.

Dunkan Komissiýanyň agzasy Mike Gapesiň “Gülençi guramanyň ýagny FETÖ-niň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygynyň jogapkäridigine ynanýarmysyňyz diýen soragyna “Hawa 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygynyň jogapkäriniň Gülençi guramadygyna ynanýaryn. Şol gurama 15-nji iýulda Türkiýädäki demokratik gurluşy agdarmaga çalyşdy” diýip jogap berdi.



Degişli Habarlar