Britaniýada Trampyň resmi saparyna garşy başladylan kampaniýa 1 milliondan gowrak adam goldaw berdi

Britaniýanyň Premýer ministrligi tarapyndan berlen beýanatda “ABŞ esasy hyzmatdaşymyz”diýildi

661939
Britaniýada Trampyň resmi saparyna garşy başladylan kampaniýa 1 milliondan gowrak adam goldaw berdi

Britaniýada oppozisiadaky İşçi partiýasynyň tagallasy netijesinde ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň resmi saparyna garşy başladylan kampaniýa häzire çenli 1 milliondan gowrak adam goldaw berdi, emma Britaniýanyň Premýer ministrligi tarapyndan berlen çakylygyň yzyna alynmajakdygy habar berildi.

Britaniýanyň Premýer ministrligi tarapyndan berlen beýanatda “ABŞ esasy hyzmatdaşymyz”diýildi.

Britaniýanyň parlamentiniň internet saýtynda “Donald Trampyň Britaniýa resmi sapar guramazlygynyň öňüni alyň” ady bilen başladylan kampaniýanyň parlamentiň gün tertibine getirilmegine garaşylýar.

Donald Trampyň üstümizdäki ýylyň tomus aýlarynda Britaniýaly Şa Aýal Elizabet 2-njiniň çakylygyna laýyklykda resmi sapar guramagyna garaşylýar.

Britaniýada parlament derejesinde başladylan gol ýygnama kampaniýasyna goldaw berenleriň sany 100 müňden geçen halatynda mesele parlamentiň gün tertibine getirilýär.

 



Degişli Habarlar