ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp birnäçe möhüm karara gol çekdi

Beýleki tarapdan Donald Tramp Meksika serhedine örüljek diwaryň gurluşygynyň başlanmagy üçin şu gün buýruk berjekdigini belledi

658570
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp birnäçe möhüm karara gol çekdi

Amerikanyň Prezidenti Donald Tramp Ak Tamdaky 2-nji iş gününde energetika syýasaty taýdan möhüm taslama hökmünde häsýetlendirilýän Demirgazyk Dakota we Keýstone XL nebit geçiriji turba taslamasynyň gurluşygyna gol çekdi.

Kanadadan alynjak nebitiň ABŞ-nyň günortasyndaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlara iberilmegi meýilleşdirilen we takmynan 8 milliard dollar çykdajysy boljak Keýstone XL nebit geçiriji turba taslamasy ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Barak Obama tarapyndan 6 ýyl garaşdyrylypdy. ABŞ-nyň Kongresiniň tassaklamagyna garamazdan Obama taslamany 3 gezek weto edipdi.

Takmynan 3 milliard 700 million dollara 4 aýry ştatdan geçirilmegi meýilleşdirilýän Demirgazyk Dakota nebit geçiriji turba taslamasy sebäpli hem Amerikada demonstrasiýalar geçirilýär.  

Turba geçirijiniň bir böleginiň geçýän ýeriniň XIX asyrda baglaşylan şertnama görä Standing Rok Siouks atly indeý taýpasyna degişlidigi öňe sürülip, şol indeý taýpanyň agzalary geçen ýylyň awgusta aýynda ABŞ-nyň hökümetine garşy kazyýet işi gozgap, taslamanyň gurluşygyny birnäçe wagtlygyna togtadan hem bolsa, oktýabr aýynda federal kazyýet ady agzalan işi goý bolsun etdi.

Beýleki tarapdan Donald Tramp Meksika serhedine örüljek diwaryň gurluşygynyň başlanmagy üçin şu gün buýruk berjekdigini belledi.

Tramp Çikago şäherindäki jenaýat işleriniň hem azalman halatynda ol şähere howpsyzlyk güýçlerini ugratjakdygyny mälim etdi.



Degişli Habarlar