Çilide ýangynlar sebäpli adatdan daşary ýagdaý yglan edildi

Günorta Amerika materiginde ýerleşýän Çilide tokaý ýangynlary sebäpli 100 gektardan gowrak ýer küle öwrüldi

657392
Çilide ýangynlar sebäpli adatdan daşary ýagdaý yglan edildi

Çiliniň hökümeti gurakçylyk we 40 gradusa ýeten howanyň täsiri bilen ýangynlaryň dowam edýän ýerlerinde adatdan daşary ýagdaý yglan etdi.

Ýurduň Oba-hojalyk ministri Karlos Furşe Ispaniýanyň, Perunyň we Meksikanyň ýangyn söndürme işlerine goldaw berýändigini habar berdi.

Ýangynlaryň iň köp zeper ýetiren sebiti bolan O'Higgins sebitinde öýler küle öwrüldi, haýwanlar kyn ýagdaýa düşdi.

Çiliniň Milli Tokaý jemgyýeti geçen hepdäniň ahyrynda ýurtdaky tokaýlaryň 100-den gowrak aýry ýerinde täze ýangynlaryň ýüze çykandygyny mälim etdi.



Degişli Habarlar