Donald Trampyň giýewisi Kuşner Prezidentiň maslahatçysy bolar

ABŞ-da 20-nji ýanwarda Prezidentlik wezipesini Barak Obamadan kabul edip aljak Donald Tramp giýewisi Jared Kuşneri Prezidentiň maslahatçysy wezipesine belledi

648000
Donald Trampyň giýewisi Kuşner Prezidentiň maslahatçysy bolar

Kuşneriň Ak Tamda ýokary derejeli maslahatçy boljakdygy baradaky habary Trampyň kömekçileri tassykladylar.

Beýleki tarapdan bolsa Donald Tramp 6 aý aradan soň ilkinji gezek çarşenbe güni metbugat ýygnagyny geçirmegi meýilleşdirýär.

Jared Kuşner Trampyň gyzy Iwankanyň ýoldaşy.

35 ýaşly Kuşner saýlaw kampaniýasynda Trampa uly goldaw beripdi.



Degişli Habarlar