Şoýgu "halkara hyzmatdaş güýçleri goldaw bermedi" diýdi

Şoýgu, Karteriň Russiýa hakyndaky sözleri üçin “Kärdeşimiň fikirine goşulmaýaryn” diýdi

648263
Şoýgu "halkara hyzmatdaş güýçleri goldaw bermedi" diýdi

Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu Siriýadaky rus howa güýçleriniň geçen ýyl Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin tarapyndan kesgitlenen esasy wezipäni ýerine ýetirendiklerini aýtdy.

Şoýgu kynçylyklara garamazdan halkara hyzmatdaş güýçleriniň goldaw bermändigi sebäpli Siriýa uçar gämisi topary bilen goşmaça howa güýçlerini ornaşdyrandyklaryny belledi.

Şoýgu ABŞ-nyň Goranmak ministri Eştin Karteriň “Russiýa Siriýada terrora garşy göreşe hiç hili goldaw bermedi” diýen beýanaty barada bolsa “ýurtlary çalşyran bolsa gerek” diýdi.

Şoýgu, Karteriň Russiýa hakyndaky sözleri üçin “Kärdeşimiň fikirine goşulmaýaryn” diýdi.

Russiýanyň Baş ştabynyň başlygy Waleriý Gerasimow hem rus howa güýçleriniň Siriýadaky terrorçy toparlara garşy 2015-nji ýylyň senýabr aýyndan bäri DAIŞ-e degişli 174 nebit önümçilik desgasyny hatardan çykarandyklaryny aýtdy.

 



Degişli Habarlar