Kirbi: “Türkiýäni we Türkiýäniň terrora garşy göreşini goldaýarys”

ABŞ-nyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Jon Kirbi aýralykçy terror guramasy PKK-nyň Türkiýä garşy sebitleýin howp bolmagynda galýandygyny belledi

647827
Kirbi: “Türkiýäni we Türkiýäniň terrora garşy göreşini goldaýarys”

ABŞ-nyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Jon Kirbi Yragyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Sinjarda aýralykçy terror guramasy PKK-nyň barlygy bilen baglanşykly soraglara jogap berdi.

ABŞ-nyň PKK-ny terror guramasy hökmünde ykrar edýändigini ýatladan Kirbi: “PKK biz üçin terror guramasy hökmünde bolmagyny dowam etdirýär” diýip belledi.

Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Jon Kirbi 16-njy dekabrda eden çykyşynda PKK-nyň ABŞ tarapyndan terror guramasy hökmünde kabul edilýän bir guramadygyna ünsleri çekip: “PKK-nyň Sinjarda hiç hili roly bolmaly däl” diýipdi.

Premýer ministr Binali Ýyldyrym geçen hepdäniň ahyrynda Yraga guran saparyndan soň beren beýanatynda: “Sinjar sebitinde PKK-nyň barlygy Türkiýäniň milli howpsyzlyk meselesidir. Bu meseläni giňişleýin ara alyp maslahatlaşdyk. Ya Yrak we Peşmerge güýçleri ol ýerden PKK-ny çykarar ýa-da Türkiýe şol işi ýerine ýetirer” diýdi.

Prezident R.T. Erdogan hem Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň Yrak saparyndan ozal Beştepede Sinjar meselesine ünsleri çekdi.

Prezident Erdogan aýralykçy terror guramasy PKK-nyň Sinjary täze bir Kandil etmegi meýilleşdirilýändigini, bu ýagdaýa rugsat berilmejekdigini belläpdi.


Etiketkalar: #Jon Kirbi , #ABŞ , #PKK , #Erdogan , #Ýyldyrym

Degişli Habarlar