Owganystanda bir zenan söwda etmäge ýeke çykandygy üçin kellesi kesildi

Taliban öz gözegçiligi astyndaky ýerlerde zenanlaryň ýeke başyna daşaryk çykmagyny gadagan edipdi

640223
Owganystanda bir zenan söwda etmäge ýeke çykandygy üçin kellesi kesildi

Owganystanyň demirgazygynda aşa dinçi terror guramasy bolan Talibanyň gözegçiligi astyndaky Sarepul şäherinde bir zenan kellesi kesilip öldürildi.

Ýoldaşy Eýrana işlemäge gidendigi üçin ýalňyz ýaşaýan zenan öýe gerek bolan zatlary almak üçin bazara çykdy. Talibanly başbozarlar bolsa zenanyň ýeke özüniň daşaryk çykandygy üçin kellesini kesdiler.

Taliban öz gözegçiligi astyndaky ýerlerde zenanlaryň ýeke başyna daşaryk çykmagyny gadagan edipdi.



Degişli Habarlar