“Awçy” atly robot birinji ýere mynasyp boldy

Ýaponiýada geçirilen “Ýapon Sumo robot turnirine” gatnaşan Karabük uniwersitetiniň Robot kluby “Awçy” atly robot bilen çempion boldy

634469
“Awçy” atly robot birinji ýere mynasyp boldy

Karabük uniwersitetiniň Robot kluby üstümizdäki aýyň 17-18-i aralygynda Tokio şäherinde geçirilen 18-nji “Ýapon Sumo robot turnirine” “Gaharjaň”, “Asuda”, “Awçy” we “Temen” atly robotlar bilen gatnaşdy.

Turniriň geçen ýylky bäsleşiginde çempion bolan “Asuda” bilen “Awçy” atly robotlar 48 bäsdeşini geçip, finala çykdy.

Uniwersitete degişli robotlaryň çekeleşikli bäsleşiklerinde “Awçy” atly robot üstün çykyp, birinji ýeri eýeledi.

Ýokuzuna derejesini egindeşine aldyran “Asuda” bolsa dünýä ikinjisi boldy.



Degişli Habarlar