Tusk: “ÝB bilen Türkiýäniň arasynda geçiriljek maslahat üçin taýarlyklara başlandy”

ÝB Geňeşiniň başlygy Donald Tusk ÝB-niň düzümleri bilen Türkiýäniň arasynda geçiriljek maslahat üçin taýarlyklaryň başlandygyny aýtdy

631789
Tusk: “ÝB bilen Türkiýäniň arasynda geçiriljek maslahat üçin taýarlyklara başlandy”

Tusk düýn Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçirilen ÝB-niň liderler maslahatyndan son beren beýanatynda Türkiýe bilen maslahat geçirilmegi barada pikir alyşandyklaryny mälim etdi.

“ÝB-niň düzümleri bilen türk ýolbaşçylarynyň arasynda geljek aýlarda maslahat geçirilmegi üçin ygyýar aldyk” diýen Tusk, entek maslahatynyň geçiriljek wagtynyň kesgitlenmändigini aýtdy.

Türkiýe bilen dialogyň şeýle maslahatlar we formartlar bilen dowam etdirilmelidigini gürrüň beren Donald Tusk: “Netijelenmeli käbir bilelikdäki başlangyçlarymyz bar” diýdi.

Geňeşiň başlygy şol maslahatda türk raýatlaryna wiza ýeňilligi bilen bilen birlikde gümrük hyzmatdaşlygy we bosgunlar meselesinde hyzmzatdaşlyk ýaly birnäçe meseläniň seljeriljekdigini beýan etdi.

ÝB-niň ýokary derejeli işgärlerinden biri maslahatyň bahar aýlarynda geçilip bilinjekdigini aýtdy.



Degişli Habarlar