Saud Arabystanynda içalylyk etmek bilen günäkärlenýän 15 adama ölüm jezasy berildi

Saud Arabystanynda Eýranyň adyna içalylyk etmek bilen günäkärlenýän 32 adamyň 15-isine ölüm jezasy berildi

625596
Saud Arabystanynda içalylyk etmek bilen günäkärlenýän 15 adama ölüm jezasy berildi

Aýyplanýan 32 adamyň 15-si 6-25 ýyl aralykda azatlykdan mahrum edildi, 2-si bolsa azat edildi.

Aýyplanýan 32 adamyň 30-synyň Saud Arabystanynyň, 1-iniň Eýranyň we 1-iniň hem Owganystanyň raýatydygy mälim edildi.

Bu adamlaryň ählisi Saud Arabystanynda ýaşaýan şaýylardan ybaratdygy habar berildi.

Günäkärlenýänler içalylyk etmek bilen birlikde Eýranyň goldawy bilen gizlin toparlary emele getirmek we Tährana gizlin maglumat ibermek ýaly aýyplamalar bilen hem günäkärlenýändigi bellendi.

Günäkärlenýänleriň käbiriniň Eýranyň dini lideri Ali Hamaneý bilen duşuşandygy öňe sürüldi.

Saud Arabystanynyň ilatynyň 10-15 göterimi şaýylardan ybaratdygy çak edilýär.



Degişli Habarlar