Russiýa we Siriýa degişli harby uçarlar İdlibe we Halaba hüjüm gurady

Russiýanyň we Siriýanyň hökümetine degişli harby uçarlaryň guran bombardymanynda oppozisionerleriň gözegçiligindäki ýerlerde 29 adam ýogaldy

625104
Russiýa we Siriýa degişli harby uçarlar İdlibe we Halaba hüjüm gurady

İdlibiň Raýat goranyş edarasynyň ýolbaşçysy Muhammed Ýahýa hökümete degişli harby uçarlaryň İdlibiň şäher merkezi bilen İdlibiň Maarrat Nassan we Maarrat Masrin etrapçalarynda ilatly ýerleri bombalandygyny aýtdy.

Hökümete degişli güýçlerin howa hüjümlerinde 27 adamyň ýogalandygyny, onlarça adamyň ýaralanandygyny aýdan Ýahýa, şol etrapçalarda ýaralananlaryň göçme hassahanalara alynyp gidilendigini habar berdi.

Halabyň Atraib etrabynyň bazaryna guralan hüjümde 2 adamyň ýogalandygy, 15 adamyň ýaralanandygy mälim edildi.

Şeýlelikde 15-nji noýabrdan bäri Halaba guralan hüjümlerde ýogalanlaryň sany 775 adama ýetdi.

Halapda üç aýdan gowrak wagt bäri gabaw astynda bolan ýüz müňlerçe adam başlangyç isleglerini kanagatlandyryp bilmeýär.

Şäheriň gündogaryndaky ähli hassahanalar, saglygy saklaýyş edaralary, çörek zawodlary we mekdepler hüjümler sebäpli hatardan çykdy.

Käbir beketlerin esasy bölegini ýykylmagy we hökümetiň telefon ulgamlaryny kesmegi sebäpli şäherde aragatnaşyk çäkli.



Degişli Habarlar