Günbatarly ýurtlar Russiýa bilen Hytaýa reaksiýa görkezdi

“Russiýa 5 ýylda 6-njy gezek BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň Siriýa meselesinde anyk karar kabul etmeginiň öňüni aldy”

624782
Günbatarly ýurtlar  Russiýa bilen Hytaýa reaksiýa görkezdi

BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinde Siriýanyň Halap şäherine ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi üçin çaknyşyklaryň 7 gün möhlet bilen bes edilmegini göz öňünde tutýan karar taslamasy kabul edilmedi.

Günbatarly ýurtlar taslama garşy ses beren Russiýa bilen Hytaýa reaksiýa görkezdi.

 Britaniýanyň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Matthew Rýkoroft sese goýulşykdan soň eden çykyşynda “Russiýa 5 ýylda 6-njy gezek BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň Siriýa meselesinde anyk karar kabul etmeginiň öňüni aldy” diýdi.

Fransiýanyň BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekili François Delattre hem çykyşynda Siriýanyň hökümetiniň alyp barýan harby strategiýasynyň dünýäniň howpsyzlygyna howp salýandygyny aýtdy.

BMG-nyň ýanyndaky hemişelik wekili Witaly Çurkin bolsa Howpsyzlyk geňeşine hödürlenen taslamasynyň prowakisiýa maksatlydygyny öňe sürdi.

 



Degişli Habarlar