Beniniň Prezidenti Türkiýä sapar gurar

Günbatar Afrika ýurtlarynyň biri bolan Beniniň Prezidenti Patrise Talon Prezident R.T. Erdoganyň çakylygyna laýyklykda şu gün Türkiýä geler

623873
Beniniň Prezidenti Türkiýä sapar gurar

Prezident diwanynyň Metbugat merkezinden berilen beýanatda Beniniň Prezidenti Talonyň gurajak saparynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň giňişleýin ele alynjakdygy, sebitleýin we halkara meseleler barasynda pikir alyşyljakdygy mälim edildi.

Saparyň çäginde Benin bilen Türkiýäniň arasynda ençeme şertnamanyň gol çekiljekdigi bellenen beýanatda Talonyň saparynyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagy we göwrüminiň artdyrylmagy taýdan möhüm boljakdygy habar berildi.



Degişli Habarlar