Rus Su-33 kysymly harby uçar Admeral Kuznetsowa gonmaga taýarlanýarka deňize gaçdy

Su-33 Admeral Kuznetsow uçar gämisine gonmaga taýarlanýarka tormozyndaky näsazlyk sebäpli deňize gaçdy

624038
Rus Su-33 kysymly harby uçar Admeral Kuznetsowa gonmaga taýarlanýarka deňize gaçdy

Rus Su-33 kysymly harby uçar Russiýanyň  Ortaýer deňzindäki uçar gämisi Admeral Kuznetsowa gonmaga taýarlanýarka deňize gaçdy.

Russiýanyň Goranmak ministrligi tarapyndan berlen beýanata görä Su-33 kysymly harby uçar Siriýadaky wezipesini tamamlandan soň Ortaýer deňzindäki Admeral Kuznetsow uçar gämisine gonmaga taýarlanýarka tormozyndaky näsazlyk sebäpli deňize gaçdy.

Uçarmanyň heläkçilikden sag aman halas bolandygy nygtaldy.

Noýabr aýynda hem Mig 29 kysymly harby uçar Admeral Kuznetsow uçar gämisine gonmaga taýarlanýarka heläkçilige uçrapdy.

 



Degişli Habarlar