Mosulda 500 müň adam suwsyz

Ýaşaýjylar bolsa suwy guýylardan alýar

622198
Mosulda 500 müň adam suwsyz

Yragyň iň uly 2-nji şäheri bolan Mosuly terror guramasy DAIŞ-den saplamak üçin dowam etdirilýän operasiýa dowam edýärkä, şäherde ýaşaýan takmynan 500 müň adam suw ýetmezçiligini çekýär.

Çaknyşyklar sebäpli 3 uly suw turbanyň birine zeper ýetdi.

BMG-nyň Çagalara Ýardym gaznasy UNICEF-iň bellemegine görä zeper ýeten suw turbasy DAIŞ-iň gözegçiligi astynda bolan sebitde ýerleşýär, bejergisi mümkin däl.

Mundan başgada DAIŞ-e agza terrorçylar Yragyň Ýaragly güýçleriniň golaýlap gelmegi sebäpli käbir etrapçalary suw bilen üpjün edýän suw beketleriniň elektrik toklaryny öçürdi.

Ýaşaýjylar bolsa suwy guýylardan alýar.

Emma gigiýeniki taýdan arassa bolmaýan suw üçin adamlar birnäçe gün hatara durýarlar we diňe birnäçe tabak suw dolduryp bilýärler.


Etiketkalar: #UNICEF , #Yrak , #Mosul , #DAIŞ , #turba , #suw , #guýy

Degişli Habarlar