ÝB we agza ýurtlar çaga bosgunlary goramak üçin ýeterlik derejede tagalla etmeýärler

Ýewropanyň Polisiýa gullugy (Europol) Ýewropa ýurtlarynda belliğe alynan 10 müňden gowrak bosgun çaganyň dereksiz ýitendigini mälim etdi

620919
ÝB we agza ýurtlar çaga bosgunlary goramak üçin ýeterlik derejede tagalla etmeýärler

Beýanat aralarynda BMG-nyň Çagalara ýardam gaznasy (UNICEF), BMG-nyň Bosgunlar boýunça ýokary komissarlygy (UNHCR) we Save the Children ýaly guramalar hem bolan adam hukuklaryny goraýan 78 gurama tarapyndan berildi.

78 guramanyň Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçirilen Ýewropa Çagalaryň hukuklary gaznasynda gol çekilen umumy beýannamada ÝB-de çagalaryň hukuklarynyň düzgünleriniň dowamly ýagdaýda bozulýandygy bellenýär.

Beýannamada bütün Ýewropada çagalaryň ýaşamak üçin kynçylyklary başyndan geçirýändikleri, saglyk, bilim ýaly adaty hukuklardan hem peýdalanyp bilmeýändikleri nygtalýar.

Beýanatyň üsti bilen ÝB-niň bu babatda giňişleýin meýilnama düzmegi, bosgun ulgamyny özgertmegi we çaga bosgunlaryň düzüljek syýasatda ähmiýet berilmegi, çagalary goramak ýaly meselelerde düzedişler girizilmegi barada çagyryş berilýär.

Ýewropanyň Polisiýa gullugy (Europol) Ýewropa ýurtlarynda belliğe alynan 10 müňden gowrak bosgun çaganyň dereksiz ýitendigini mälim etdi.

Europol ýiten çagalaryň adam söwdasyny edýän toparlarynyň elinde bolmak ähtimallygy bardygyny habar berdi.



Degişli Habarlar