Minnetdarlyk güni gana bulandy

Çikago şäheriniň polisiýa gullugy Minnetdarlyk gününde bolan ýaragly hüjümler bilen baglanşykly hasabat berdi

618869
Minnetdarlyk güni gana bulandy

ABŞ-nyň edilýän jenaýatlaryň sany iň ýokary şäher bolan Çikagoda 4 gün dowam eden Minnetdarlyk günündäki ýaragly hüjümlerde 8 adam ýogaldy, 58 adam ýaralandy.

Çikago şäheriniň polisiýa gullugy Minnetdarlyk gününde bolan ýaragly hüjümler bilen baglanşykly hasabat berdi.

Şoňa görä Minnetdarlyk günleri diýip kabul edilýän 23-nji noýabr çarşenbe güni bilen 27-nji noýabr ýekşenbe güni aralygynda Çikago şäherinde onlarça ýaragly hüjüm guraldy.

Minnetdarlyk güninde ýogalan we ýaralanan adamlar hasaba alynanda 2016-njy ýylda Çikago şäherinde guralan ýaragly hüjümlerde ýogalan adamlaryň sany 650-ä, ýaralanan adamlaryň sany bolsa 4031 adama ýetdi.



Degişli Habarlar