Terror guramasy DAIŞ Yrakda kamikaze hüjümini gurady

Hüjümde takmynan 100 adam ýogaldy

Terror guramasy DAIŞ Yrakda kamikaze hüjümini gurady

Yragyň paýtagty Bagdadyň günortasyndaky Kerbela şäherinde dini çäreden gaýdyp gelýän adamlaryň nyşana alynyp guralan kamikaze hüjüminde takmynan 100 adam ýogaldy, köp sanda adam ýaralandy.

Partlama Bagdadyň 120 km uzaklygyndaky ýangyç doldurylýan bekediň ýanyndaky naharhanada boldy.

Dynç alynýan ýerde arakesme beren şaýylar terrorçylaryň nyşanasyna öwrüldi.

Bekediň golaýynda bomba ýüklenen ulag bilen kamikaze hüjümi guraldy.

Partlamanyň güýji bilen 5 awtobus küle öwrüldi.

Hüjümiň jogapkärçiligini terror guramasy DAIŞ öz üstüne aldy.


Etiketkalar: awtobus , uzaklyk , Kerbela , Bagdat

Degişli Habarlar