Russiýa Kuril adalaryna raketa ulgamlaryny ýerleşdirdi

Russiýa Ýaponiýa bilen düşünişmezçilik ýaşaýan Kuril adalaryna Bal we Bastion kysymly raketa ulgamlaryny ýerleşdirdi

615691
Russiýa Kuril adalaryna raketa ulgamlaryny ýerleşdirdi

Russiýa tarapyndan berilen maglumata görä Kuril adalaryndan biri bolan Iturup adasyna Bastion, Kunaşir adasyna bolsa Bal kysymly raketa ulgamlary ýerleşdirildi.

Russiýanyň goşunynyň düzümindäki Bastion we Bal raketalary kenarýakalary goramak maksady bilen ulanylýar.

Deňizdäki nyşanalara garşy täsirli we 600 km alysdaky nyşanalary ýok edip bilýän Bastion ulgamy 36 raketa atyp bilýär.

Bal ulgamynda bolsa 120 we 260 km uzaklyga eýe 2 tapawutly raketa bar.

Russiýa 1949-njy ýylda Ýaponiýanyň demirgazygyndaky Kuril adalaryny basyp aldy we ol ýerde ýaşaýan ýaponlary göçürdi.

Ýaponiýa Russiýanyň adalardaky häkimiýetini bikanun hökmünde görýär.



Degişli Habarlar