Çatda Fetullahçy terror guramasyna degişli ähli mekdepler Türkiýäniň Magarif gaznasyna tabşyryldy

Mekdepleriň Türkiýäniň Magarif gaznasyna tabşyrylmagy hakynda şertnama baglaşyldy

613509
Çatda Fetullahçy terror guramasyna degişli ähli mekdepler Türkiýäniň Magarif gaznasyna tabşyryldy

 

Merkezi Afrika ýurtlaryndan Çatda Fetullahçy terror guramasyna degişli ähli mekdepler Türkiýäniň Magarif gaznasyna tabşyryldy.

FETÖ degişli mekdepleriň Türkiýäniň Magarif gaznasyna tabşyrylmagy hakynda şertnama baglaşyldy.

Türkiýäniň Magaryf gaznasynyň başlygynyň wekili baş ilçi Hasan Ýawuz Çadyň hökümeti bilen geçirlen gepleşikleriň netijesinde şol ýurtdaky  FETÖ degişli ähli mekdepleriň Türkiýäniň Magarif gaznasyna tabşyrylmagy hakynda şertnama baglaşylandygyny aýtdy.

2016-njy ýylyň 28-nji iýunynda kabul edilen kanuna laýyklykda döredilen Türkiýäniň Magarif gaznasy daşary ýurtlarda çagalar bagy, başlangyç klas mekdebi we uniwersitet ýaly okuw jaýlaryny we umumy ýaşaýyş jaýlaryny açýar.



Degişli Habarlar