Germaniýa türk žurnalistleri içalylyk bilen günäkärledi

Hemişe metbugat we söz azatlygyndan söz edýän Germaniýada türk metbugat işgärleri içalylyk bilen günäkärlendi

Germaniýa türk žurnalistleri içalylyk bilen günäkärledi

Terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky goly PÝD-niň ýolbaşçysy Salih Müslimiň Germaniýanyň Federal mejlisinde çepçi partiýanyň deputatlary bilen geçiren duşuşygyny surata alan Anadoly habarlar gullugynyň Germaniýadaky wekili nemes metbugaty tarapyndan içalylyk bilen günäkärlendi.

Germaniýanyň Bild gazedi türk žurnalistleri nemes syýasatçylary içaly ýaly gözegçilik edýändigini ýazdy.

Türk metbugat işgärlerine garşy aýdylan bu sözler sebäpli Berlindäki türk žurnalistler herekede geçdi.

Anadoly habarlar gullugynyň Berlindäki wekilhanasynda jemlenişen türk žurnalisler nemes metbugatynyň bu pozisiýasyny ýazgardy.



Degişli Habarlar