Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda birnäçe hüjüm guraldy

Wakalarda 1 adam ýogaldy, 5 adam ýaralandy

611617
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda birnäçe hüjüm guraldy

Amerikanyň Oklahoma ştatyndaky howa menzilinde od açylmagy netijesinde 1 adam ýogaldy.

Ýogalan adamyň şahsyýeti entek beýan edilmedi.

Gündelik takmynan 8 müň ýolagçy tarapyndan ulanylýan howa menzilindäki polisiýa işgärleri wakadan soň ähli adamlary gaçypatalgalara iberdiler.

Wakadan soň howa menzili howpsyzlyk sebäpli ýapyldy.

Polisiýa gullugynyň işgärleri mundan başgada howa menziliniň golaýynda ähli ýollary ýapdy.

 

Beýleki tarapdan bolsa ýurtdaky mekdepleriň birinde ýene-de hüjüm guraldy.

Ýuta ştatyndaky mekdepde 5 okuwçy pyçaklandy.

Mekdebiň egin-eşik çalşylýan otagyndaky wakadan soň 16 ýaşyndaky hüjümçi gysga wagtyň içinde tussag edildi.

Ýaralanan okuwçylaryň arasynda ýagdaýy agyr bolanlar hem bar.

Şaýatlaryň aýtamygana görä okuwçylaryň biri boýnundan beýlekisi bolsa kellesinden ýaralandy.



Degişli Habarlar