ABŞ-da islamafobiýa ýaýbaňlanýar…

Federal barşag ofisi FBİ 2015-nji ýylda musulmanlara garşy ýigrenç jenaýatlarynyň geçen ýyl bilen deňeşdirilende 67 göterim artandygyny habar berdi

610745
ABŞ-da islamafobiýa ýaýbaňlanýar…

FBİ 2015-nji ýyl boýunça habar berilen ýigrenç jenaýatlarynyň hasabatlaryny çap etdi.

Habarnamada ABŞ-da polise habar berilen ýigrenç jenaýatlarynyň 2015-nji ýylda 5,850 sanydygy nygtalýar.

Musulmanlara garşy jemi 257 ýigrenç jenaýatynyň bellige alynandygy barada nygtalýan habarnamada, şol sanyň 2014-nji ýylda 154-ä barabdygyna üns çekildi.

Amerikan mediasy saýlaw kampaniýalary döwründe şol sanyň hasam ýokarlan bolup biljekdigini duýdurýar.

Esasanda saýlaw kampaniýasynyň dowamynda musulmanlara garşy çykyşlary bilen ünsleri çeken Respublikaçy Donald Trampyň saýlawda üstün çykmagynyň ýurtda ýaşaýan köp sanly musulmana zeper ýetirip biljekdigi duýdurylýar.


Etiketkalar: #ABŞ , #FBİ , #jenaýat , #musulmanlar

Degişli Habarlar