“Tutuş amerikalylaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga dowam ederis”

Nihad Awad Trampyň musulmanlar bilen birlikde ähli amerikalylaryň hukuklaryna sarpa goýmagyny isledi

608036
“Tutuş amerikalylaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga dowam ederis”

Amerikan-Yslam geňeşiniň başlygy Nihad Awad, prezidentlige saýlanan Donald Trampyň musulmanlar bilen birlikde ähli amerikalylaryň hukuklaryna sarpa goýmagyny isledi.

Nihad Awad paýtagt Waşingtonda 8-nji noýabrda geçirlen saýlawyň netijeleri hakynda metbugata beýanat berdi.

Saýlaw kampaniýasynda musulmanlara berk garşylyk görkezen Donald Trampyň saýlanmagyndan soň beýanat beren Awad, “Amerikaly musulmanlar bu ýerde ýaşamaga dowam eder. Hiçbir ýere gitmeýäris we bizi çetleşdirip bilmezler”diýdi.

Awad beýanatynda “Tutuş amerikalylaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga dowam ederis”diýdi.

Nihad Awad ABŞ-da ýaşaýan we geljegi hakynda aladalanýan musulmanlara “Siz hem beýleki amerikalylar ýaly şol bir hak-hukuklara we jogapkärçiliklere eýe” diýip ýüzlendi.


Etiketkalar: #yslam , #musulmanlar , #sarpa

Degişli Habarlar