Saakaşwili Odessa şäheriniň gubernatory wezipesinden çekiljekdigini mälim etdi

Gürjistanyň ozalky Prezidenti Mihail Saakaşwili Ukrainanyň Odessa şäheriniň gubernatory wezipesinden çekiljekdigini mälim etdi

605581
Saakaşwili  Odessa şäheriniň gubernatory wezipesinden çekiljekdigini mälim etdi

Saakaşwili ýurtda galplyga garşy göreşiň ýeterlik derejede alnyp barylmaýandygy sebäpli wezipesinden çekilip biljekdigini öňe sürdi.

Saakaşwili “Wezipämden çekilmek isleýärin. Göreşimde täze tapgyr başlady. Asma boýun egmerin, ýadaman ýaltanman göreşimi dowam etdirerin” diýdi.

Ukrainanyň Prezidenti Petro Poroşenko tarapyndan ýurda çagyrlan we Ukrainanyň raýatlygyny kabul eden Saakaşwili geçen ýylyň maý aýynda Odessanyň gubernatory hökmünde bellenipdi.

Galplyga garşy göreş forumynyň çäginde birnäçe şäherde çykyş eden Saakaşwili çykyşlarynda hökümeti galplyga garşy ýeterlik derejede göreşmezlik bilen günäkärläpdi.

 



Degişli Habarlar