Peşmerge güýçleri Başika hüjüme geçdi

Başikada 100-e golaý terrorçynyň bardygy çak edilýär

605017
Peşmerge güýçleri Başika hüjüme geçdi

Yrakda Peşmerge güýçleri Mosulyň Başika şäherçesiniň merkezini terror guramasy DAIŞ-den saplamak üçin operasiýa başlatdy.

Peşmerge güýçleri Mosulyň şäher merkezine 20 km uzaklykda ýerleşýän Başika şäherçesini basyp almak üçin şu gün irden operasiýa başlatdy.

Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň lideri Mesut Barzaniniň ýolbaşçylygyndaky sowutly ýörite harby toparlar 3 aýry tarapdan DAIŞ-e garşy hüjüme geçdi. Başikanyň merkezinde tunellere we öýlere gizlenen azyndan 100 terrorçynyň bardygy aýdylýar.

Barzani ozal Zerdyk dagynda beren beýanatynda Başikanyň gabaw astyna alynandygyny we terrorçylaryň güýçden gaçandygyny mälim etdi.

Peşmerge güýçleri ýaşaýjylarynyň aglabasy hristiýan we ýezidiler bolan Başikany 23-nji oktýabrda gabaw astyna alypdy.


Etiketkalar: #Mesut Barzani , #Başika , #DAIŞ

Degişli Habarlar