Asada tabynlykdaky güýçler başlangyç klas mekdebine hüjüm gurady

Hüjümde 8 çaga ýogaldy

604986
Asada tabynlykdaky güýçler  başlangyç klas mekdebine hüjüm gurady
suriye çocuklar.jpg

Siriýanyň paýtagty Damaskda Asada tabynlykdaky güýçler tarapyndan başlangyç klas mekdebine guralan hüjümde 8 çaga ýogaldy, 15 çaga ýaralandy.

Asada tabynlykdaky güýçler paýtagt Damaksda oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky Herestan etrapçasyndaky Bunet Al Müstakbel adyndaky başlangyç klas mekdebini bombalady.

Topçular arakesme wagty mekdebiň howlusynda oýnaýan çagalary nyşa aldy.

Hüjümde ýaralananlar etrapçadaky göçme hassahanada bejergi alýar.

Rus uçarlarynyň Halabyň günbatarynda ýerleşýän Urum etrapçasyna guran bombaly hüjüminde bolsa 3 adam ýogaldy, köp sanly adam hem ýaralandy.

 


Etiketkalar: #başlangyç , #mekdep , #çaga

Degişli Habarlar