ABŞ resmi Moskwa berk reaksiýa bildirdi

Amerika resmi Moskwanyň Siriýadaky syýasy tapgyryň başlama umydynyň möhletsiz yza süýşürilendigi baradaky beýannamasyna berk reaksiýa görkezdi

601822
ABŞ resmi Moskwa berk reaksiýa bildirdi

ABŞ-nyň döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Jon Kirbi gündelik metbugat ýygnagynda Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgunyň “Siriýada syýasy tapgyryň başlama umydy we Siriýanyň halkynyň asuda şertlere dolanyp barmagynyň möhletsiz yza süýşürilendigi” barada beren beýanatyny analiz etdi.

Rus ministriniň beýanatynyň näme many aňladýandygyny bilmeýändigini nygtan Kirbi: “Biz gepleşiklerin Russiýanyň beýan edişi ýaly möhletsiz görnüşde yza süýşürilendigini pikir etmeýäris we Başar Asadyn uzak möhletde häkimiýet başynda galmagyny islemeýäris” diýdi.

Jon Kirbi Asadyň Siriýada 2021-nji ýyla çenli häkimiýet başynda galmak isleýändigi baradaky sözler ýatladylanda bolsa, Asadyň garaýyşlaryny okandygyny, emma hökümet bilen oppozisionerleriň arasyndaky gepleşikleriň ýaňadandan geçirilmegi üçin taýarlyklaryň dowam edýändigini aýtdy.

Amerikada çap edilýän “Nýu-Ýork Taýms” gazetiniň habar bermegine görä Asad Damaskda günbatarly žurnalistler bilen duşuşyp, Siriýadaky soňky wakalar barada beýannama berdi.

Ozalkysyna görä ýurtdaky şertleriň has gowudygyny öňe süren Asad, ýurdundaky urşuň birinji derejeli jogapkäri hökmünde resmi Waşingtony we radikal yslamçylary görkezdi.

Başdan geçirilenlerden puşman däldigini aýdan Asad, ýurtdaky gözegçiligi doly ele aljakdyklaryny aýtdy.

Döwlet dolanşygynda haýsydyr bir özgerlişigiň bolmagyna ýol bermejekdiklerini nygtan Asad, azyndan 2021-nji ýyla çenli iş başynda galmak isleýändigini aýtdy.



Degişli Habarlar